Turkmenportal logo
Düýn 11:25
68316831
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nepaldaky sil joşgunlarynda pida bolanlaryň sany 1,4 müň adama ýetdi
Surat: Surat: interfax.ru

Nepalda üç hepde mundan öň bolan güýçli sil joşmada 1,4 müňe golaý adam gurban boldy, 4 müň dereksiz ýiten hasaplanýar diýip, EFE agentligine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, tebigy betbagtçylygyň giň çägi eýeländigi bilen baglylykda, köp gurban bolanlar şahsyýeti anyklanmazdan, ýerlendi. Heniz diňe 103 sany gurban bolanyň şahsyýeti anyklanyp topraga berildi. Sil joşgunyndan bäri 4 müňden gowrak adam, şol sanda 610 daşary ýurtly bilen aragatnaşyga çykyp bolanok.

Nepalda sil joşgunlary 26-njy awgustda dag buzlugynyň ýykylmagy bilen bagly döredi. Buzuň, daşlaryň we hapa topragyň süýşmegi netijesinde Hytaýyň serhetýaka zolagynda hem 43 adam gurban boldy, 519 adam dereksiz ýiten hasaplanýar, olaryň 261-si 23 döwletden bolan daşary ýurtlulardyr.