Turkmenportal logo
Düýn 11:19
44484448
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lawrow Rubio bilen duşuşmakçy
Surat: ria.ru

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň meýdançasynda duşuşmagy meýilleşdirýär. Bu barada «ria.ru» habar berdi.

«Meniň Döwlet sekretary Rubio bilen, Nýu-Ýorkda, Baş Assambleýanyň meýdançasynda duşuşygym meýilleşdirildi» diýip, Russiýanyň DIM-niň başlygy aýtdy. Ol şunda Rubio bilen näme barada gürrüň etjekdigini takyklamady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Sergeý Lawrowyň çykyşy 26-njy sentýabrda bolar diýlip, habarda bellenýär.