Ählumumy maýlama planetanyň gurak sebitlerini has guraklaşdyryp biler. Netijede, çölleriň serhetleri giňeler, bu täze şertlere uýgunlaşmadyk ösümlikleriň ýok bolmagyna elter diýip, hytaýly alymlaryň täze ylmy barlaglaryna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
XXI asyryň ahyryna çenli gurak çäkler Ýeriň gury ýer böleginiň 40 göterimden gowragyny eýelär. Şunda maýlamanyň esasy sebäbi hasap edilýän howadaky kömürturşy gazyň artmagy çölleriň ýaýramagyny haýalladyp biler diýip, Hytaýyň Tokaý hojalygy akademiýasynyň alymlary çaklaýarlar.
Has ýaramaz üýtgeşmeler bilen Awstraliýa, onuň yzysüre Braziliýa ýüzbe-ýüz bolar. Afrikanyň käbir böleklerinde hem giň gerimli üýtgemeleriň bolmagyna garaşylýar.
Alymlar şeýle hem bu ýagdaýa СО2-niň täsirini öwrendiler. Olar kömürturşy gazynyň ýokary derejesinde ösümlikleriň buglama sebäpli az suw sarp edýändigini anykladylar. Bu ýagdaý öňki ylmy barlaglarda hasaba alynmandy diýip, «Environmental Research Letters» habar berdi.