Turkmenportal logo
Düýn 09:52
51795179
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň ilatynyň garramagy çykdajylaryň artmagyna getirýär
Surat: Surat: news.by

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, Ýaponiýanyň ýaşy 100-den geçýän raýatlarynyň sany 100 müňden agdy. Olaryň esasy bölegi zenanlar. Özem bu görkeziji 60 ýyla golaý wagt bäri üýtgewsiz artýar diýip, «news.by» habar berdi.

Bu demografik üýtgeşmeler ykdysadyýet üçin çynlakaý kynçylyklary döredýär. Ýurtda işgär ýetmezçiligi artýar, ýaş salgyt töleýjileriň sany-da okgunly azalýar. Şunuň bilen birlikde, lukmançylyga we durmuş goldawyna çykdajylar ösýär.