Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýanyň Premýer-ministri hanym Han Song Sukyň arasynda duşuşyk geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Han Song Suky ýurduň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýär.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny belläp, şu döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu sapara dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr hem-de olara täze itergi bermek üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny, iki ýurdy köpýyllyk dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Koreýanyň Premýer-ministrini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Koreýanyň Premýer-ministri birek-birege jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.