Turkmenportal logo
13.09.2026
1317213172
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekdiler

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennat Berdiliýewa Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň başlygy Satybaldy Dauletalin bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar zähmetkeşleriň zähmet we durmuş-ykdysady hukuklaryny goramagyň, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, zähmeti goramagyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we tejribe alyşmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuklarynyň we durmuş-ykdysady bähbitleriniň goraglylygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkara kärdeşler arkalaşyklary hereketini mundan beýläk hem ösdürmäge hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir

Saparyň çäklerinde iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň we Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny: Gazagystan bilen Türkmenistanyň tejribesi» atly tegelek stolyň başyndaky halkara söhbetdeşlik geçirildi.

Iş saparynyň dowamynda sebitleýin Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň gеljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.     Aýratynam    2026-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek  “Halkara zähmet standartlary we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumynyň, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekdäki ornuna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.