Turkmenportal logo
Düýn 17:39
1128611286
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilim we ylym ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Duşuşyga Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministriniň orunbasary Zwiad Gabisoniýa hem-de Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýolbaşçylyk etdiler. 

Taraplar iki ýurduň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmek, ýaşlar bilimi boýunça işleri guramak, şeýle hem uniwersitetleriň arasynda hyzmatdaşlygy we akademiki gatnaşyklary güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi. 

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar boýunça anyk meýilnamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.