Turkmenportal logo
02.09.2026
82608260
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşkentde Özbegistanyň ilkinji prezidentiniň hatyrasy ýatlanyp geçildi

Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň aradan çykanyna on ýyl dolmagy mynasybetli 2-nji sentýabrda Daşkentde onuň hatyrasyna ýatlama çäresi geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öňki Oksaroý rezidensiýasynyň çäginde ýerleşýän Yslam Kerimowyň adyny göterýän hatyra toplumyna baryp, ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdy.

Çäräniň dowamynda Gurhandan süreler okaldy we doga-dilegler edildi. Döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Yslam Kerimowyň ýurduň garaşsyzlygyny gazanmakda, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde, şeýle hem halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda bitiren hyzmatlaryna aýratyn ähmiýet berildi.

Ilkinji prezidentiň ýadygärligine gül desseleri Oliy Majlisiň palatalarynyň, Prezident Administrasiýasynyň, Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we jemgyýetçiligiň wekilleri tarapyndan hem goýuldy. Çärä ilkinji prezidentiň aýaly Tatyana Kerimowa hem gatnaşdy. Hatyralama çäreleri ýurduň beýleki şäherlerinde — Samarkantda we Karşyda hem geçirildi.

Yslam Kerimow Özbegistanyň garaşsyzlygyny gazanan pursadyndan başlap, ýurdyň başynda durdy. 2016-njy ýylyň 27-nji awgustynda ir bilen 78 ýaşly prezident gyssagly ýagdaýda Saglygy goraýyş ministrliginiň Lukmançylyk-sanitariýa birleşiginiň Merkezi kliniki hassahanasyna ýerleşdirildi. Ertesi gün Ministrler Kabineti onuň stasionar bejergide bolýandygyny habar berdi, 2-nji sentýabrda bolsa ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi. Şol günüň agşamy onuň aradan çykandygy resmi taýdan yglan edildi. Yslam Kerimow 2016-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Samarkantda jaýlandy we ýurtda üç günlük ýas yglan edildi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň bellemegine görä, Yslam Kerimowyň ady ýurduň döwlet garaşsyzlygynyň gazanylmagy we milli döwletliligiň täzeden dikeldilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.