Turkmenportal logo
02.09.2026
1202012020
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadagyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşy «Interiň» ýarym goragçysy Aslanini kärendesine aldy

Türkmenistanyň «Arkadag» klubynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşy Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» futbol kluby «Interiň» ýarym goragçysy Kristýan Aslanini kärendesine aldy.

Ylalaşyk 2026/27-nji möwsümiň ahyryna çenli hereket eder. «Transfermarkt» portaly 24 ýaşly alban futbolçysynyň transfer bahasyny 12 million ýewro diýip kesgitleýär.

Aslani 2025/26-njy möwsümiň ikinji ýarymyny Türkiýäniň «Beşiktaş» klubunda kärende şertlerinde geçirdi. Ol 17 duşuşykda çykyş edip, 2 gol geçirdi we 2 netijeli pas berdi. Ýarym goragçy «Interiň» düzüminde jemi 99 duşuşyk geçirip, 4 gol geçirdi we 5 netijeli pas berdi.

Mundan ozal «Zenit» klubynyň öňki wingeri Malkomyň hem erkin agent hökmünde «Al-Jazira» klubyna geçendigi habar berlipdi. 29 ýaşly braziliýaly futbolçy muňa çenli 2023-nji ýyldan bäri çykyş eden «Al-Hilal» kluby bilen şertnamasyny ýatyrypdy. «Transfermarkt» braziliýaly futbolçynyň transfer bahasyny 18 million ýewro diýip kesgitleýär.

Ýatladyp geçsek, AFK-2 Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji möwsüminde «Arkadag» «B» toparçasynda BAE-niň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» klublary bilen bir toparçada çykyş eder.

«Al-Jazira» bilen «Arkadag» toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynda duşuşarlar. Bu duşuşyk 14-nji oktýabrda BAE-de geçiriler. Toparlar altynjy tapgyrda hem duşuşarlar, bu oýun 9-njy dekabrda «Arkadag» stadionynda geçiriler.