Turkmenportal logo
02.09.2026
1420514205
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň iki ýokary okuw mekdebine awtoulaglary sowgat berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektoryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Şeýle hem Prezidentiň adyndan düýn Türkmenabat şäherinde täze binasy açylan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

TDH-niň habar bermegine görä, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň ulanyşa berilmegi mynasybetli düýn baýramçylyk sadakalary berildi.