Turkmenportal logo
01.09.2026
80638063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan durmuş ösüşi we ýaşaýşyň hili ýylyny taýýarlamak boýunça meseleleriň ara alyp maslahatlaşmalaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça Konsultatiw geňeşiniň Iş toparynyň 28-nji awgustda Minsk şäherinde geçirilen mejlisine onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.

Mejlisiň dowamynda 2028-nji ýylda Durmuş ösüşi we ýaşaýşyň hili ýylyny taýýarlamak we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ählumumy konfederasiýasynyň, «Garaşsyz döwletleriň weteranlarynyň (pensiýaçylarynyň) jemgyýetçilik guramalarynyň Arkalaşygy» halkara birleşiginiň Utgaşdyryjy geňeşiniň, pudaklaýyn esasy guramalaryň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Iş topary çäreleriň meýilnamasynyň taslamasynyň tekstine birnäçe goşmaçalary we anyklamalary girizdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar resminamanyň taslamasynyň üstünde alnyp barylýan işi GDA-nyň ýurtlarynyň Konsultatiw geňeşiniň agzalary, durmuş-zähmet ulgamyndaky esasy guramalar, gyzyklanma bildirýän halkara guramalary we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň netijelerini nazara almak bilen dowam etdirmek barada karar kabul etdiler.

Bu mesele boýunça Iş toparynyň nobatdaky mejlisini sentýabr aýynda belarus tarapynyň başlyklyk etmeginde geçirmek karar edildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2028-nji ýyly Durmuş ösüşi we ýaşaýşyň hili ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararyň taslamasyna 9-njy oktýabrda Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde garalmagy göz öňünde tutulýar.