Papa Lew XIV ruhany Pawel Ýanuş Kubýagy Watikanyň Türkmenistandaky katolik wekilhanasynyň ýolbaşçysy edip belledi. Bu barada Fides agentligi habar berdi.
Agentligiň maglumatlaryna görä, Rim papasy wekilhananyň öňki ýolbaşçysy — tagsyr Andžeý Madeýiň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul edip, onuň ýerine ozal wekilhanada administratiw wezipede işlän tagsyr Kubýagy belledi. Tagsyr Madeý 1997-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky katolik wekilhana ýolbaşçylyk edip geldi we 2025-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatdaky işini tamamlady. Şeýlelikde, onuň Türkmenistandaky gullugy 28 ýyl dowam etdi.
Fides agentliginiň bellemegine görä, wekilhananyň täze ýolbaşçysy tagsyr Pawel Ýanuş Kubýak 1974-nji ýylyň 8-nji fewralynda Polşanyň Turek şäherinde dünýä inýär. Ol 1994-nji ýylda oblatlar kongregasiýasyna goşulýar we bir ýyl soň Swenty-Kşižde ruhanylar üçin başlangyç taýýarlyk okuwlaryny tamamlaýar.
Ol 1999-njy ýylda monahlaryň ömürlik kasamlaryny kabul edýär, 2001-nji ýylda bolsa Polşanyň Obra şäherinde ruhany derejesine bellenýär. Kubýak ilkinji gullugyny ordeniň Polşa dahylly bolan Ukrainadaky we Russiýadaky wekilhanasynda ýerine ýetirýär. Ol 2023-nji ýylda Türkmenistana gelýänçä şol ýerde gulluk edýär.