Turkmenportal logo
Düýn 14:44
96379637
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çeferin FIFA-nyň prezidentligine geçiriljek saýlawlara gatnaşmajakdygyny mälim etdi

UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin FIFA-nyň prezidentligine dalaşgär bolmak niýetiniň ýokdugyny we 2027-nji ýylyň martynda geçiriljek saýlawlarda guramanyň häzirki prezidenti Janni Infantino bilen bäsleşmejekdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde ol Infantino garşy başga bir dalaşgäriň hökman peýda boljakdygyna garaşýandygyny belledi.

57 ýaşly Çeferin uzak wagtlap FIFA-nyň baştutanlygyna iň ähtimal dalaşgär hökmünde görülýärdi. Şeýle-de bolsa, ol UEFA-daky işine uly ähmiýet berýändigini we täze wezipä gyzyklanmaýandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, hut şahsy bähbitleriniň we ýokary wezipä ymtylyşynyň ýoklugy futbol jemgyýetçiligindäki garaýşyny has-da ynandyryjy edýär.

UEFA-nyň ýolbaşçysynyň pikirine görä, Infantinonyň geljegi babatda wakalaryň ösmeginiň iki mümkin bolan ssenariýasy bar: ol futbol assosiasiýalarynyň, janköýerleriň, oýunçylaryň we tälimçileriň goldawynyň ýeterlik däldigini özi kabul edip, wezipesinden gitmeli bolar, ýa-da mart aýynda geçiriljek saýlawlara gatnaşar. Çeferiniň pikirine görä, bu ýagdaýda Infantino bilen başga bir dalaşgär bäsleşer, emma onuň ady häzirlikçe mälim edilmeýär.

Infantinonyň geljegi baradaky çekişmelere FIFA-nyň täze «Fifa Forward Enterprise» gurluşyndaky 21 göterim paýy hususy maýadarlara satmak baradaky başlangyjy bilen bagly ýüze çykan dawa sebäp boldy. Bu gurluş FIFA-nyň ýaryşlarynyň täjirçilik we bilet hukuklaryny dolandyrmalydy. Taslama UEFA, KONKAKAF we Aziýanyň futbol konfederasiýasy tarapyndan ýiti tankyda sezewar edildi we köpçülikleýin nägileliklerden soň togtadyldy.

Beýik Britaniýanyň düzümindäki dört ýurduň futbol assosiasiýasy hem Infantino bolan ynamyň ýitirilendigini mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde Günorta Amerikanyň futbol konfederasiýasy (CONMEBOL) we Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) ony goldamagyny dowam etdirýär.