Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek we dürli ugurlarda täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar halkara arenada birek-biregiň başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.