Russiýanyň meşhur aýdymçysy Wiktoriýa Daýneko ýanýoldaşy Berkeli Öwezow bilen türkmen toýuna gatnaşdy. Olar toý dabarasynda milli lybaslarda peýda boldular. Aýdymçy bu pursatlardan düşürilen suratlary öz sosial ulgamlarynda paýlaşdy.
Suratlarda olar halynyň üstünde surata düşüpdirler. Berkeli Öwezow elinde uly gawuny saklap dur.
Berkeli Öwezowyň asly türkmen bolup, olar 2022-nji ýylda tanyşypdyrlar. 2025-nji ýylyň martynda Öwezow futbol oýnunyň dowamynda Wiktoriýa Daýneko öýlenmek teklibini edipdir, şol ýylyň 27-nji aprelinde bolsa olar resmi ýagdaýda nikalaşypdyrlar.

Ýakynda ýaş çatynjalar TNT teleýaýlymynda görkezilýän «Imperatoryň hazynalary» atly başdan geçirmeli realiti-şüweleňe hem bilelikde gatnaşdylar. Olar Hytaýda dürli synaglardan geçdiler. Wiktoriýa Daýnekonyň sözlerine görä, bu taslama olaryň gatnaşyklaryny has-da berkidipdir: «Biz taslamany bir jan, bir ten bolup geçdik. Men ýanýoldaşyma hemişe bil baglap biljekdigime, biziň örän gowy topar bolandygymyza düşündim».
Wiktoriýa Daýneko 2004-nji ýylda «Fabrika zwýozd-5» («Ýyldyzlar fabrigi-5») aýdym-saz taslamasynda ýeňiş gazanandan soň meşhurlyk gazandy. Onuň iň meşhur aýdymlarynyň arasynda «Leýla», «Men senden dessine giderin», «Söýgi hakynda bolmadyk film» we «Ony ýadyňdan bozup aýyr» ýaly aýdymlar bar.