Turkmenportal logo
Düýn 12:15
53255325
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýran uly gaz käniniň tapylandygyny habar berdi

Eýranyň häkimiýetleri ýurduň günortasynda, Pars welaýatynda uly gaz käniniň tapylandygyny habar berdiler. Bu barada Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknežad mälim etdi.

Deslapky bahalandyrmalara görä, täze gaz känindäki gazyň umumy gorlary takmynan 212 milliard kub metr bolup, çykarylyp bilinjek gaz gorlarynyň möçberi 161 milliard kub metr diýlip çaklanylýar. Hünärmenler şeýle hem gaz kondensatynyň düýpli gorlarynyň bardygyny habar berdiler.

Ministriň sözlerine görä, bu gazyň känini özleşdirmek Eýrana onlarça milliard dollar girdeji getirip biler.