Turkmenportal logo
Düýn 10:31
49544954
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan bilen Azerbaýjan ebedi dostluk hakynda Şertnama gol çekdiler

Ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Ebedi dostluk hakynda Şertnama, şeýle hem Ýokary döwletara geňeşiň üçünji mejlisiniň Kararyna gol çekdiler. Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy döwlet baştutanlarynyň gepleşikleri tamamlanandan soň geçirildi.

Prezidentleriň gatnaşmagynda pensiýa üpjünçiligi, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklara hem gol çekildi. Taraplar 2030-njy ýyla çenli iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirmek boýunça maksatnamany, şeýle hem maýa goýumlar we söwda ulgamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça amaly çäreleriň meýilnamasyny tassykladylar.

Mundan başga-da, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň hem-de adalat ministrlikleriniň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamlaryna, şeýle hem kinologiýa ulgamynda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Aýratyn ugur hökmünde şäherleriň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky teswirnamalara gol çekildi. Olar Ürgenç bilen Hankendiniň, Buhara bilen Laçynyň, şeýle hem Ürgenç bilen Nahiçewanyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy göz öňünde tutýar.