Turkmenportal logo
Düýn 08:38
81228122
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mental arifmetika boýunça çempionatyň ýeňijisi Wýetnama syýahatçylyk ýollanmasyny gazandy

Mental arifmetika boýunça «Anzan» Türkmenistanyň çempionaty «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirildi.

Bäsleşige ýurduň ähli künjeklerinden 6 ýaşdan 14 ýaş aralygyndaky 120-ä golaý mekdep okuwçysy gatnaşdy. Dartgynly geçen zehin bäsleşiginiň netijeleri boýunça 24 okuwçy baýrakly orunlara eýe boldy, 5 okuwçy bolsa milli rekordlary täzelemegi başardy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Umumy netijeler boýunça 1-nji orny Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatyň 7-nji synp okuwçysy Emrah Şamuradow eýeledi.

 2-nji orny Aşgabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ybraýym Kerimow eýeledi.

3-nji orny Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Kerim Gahrymanow eýeledi.

Mundan başga-da, ýene 21 okuwçy öz ýaş derejeleri boýunça degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler.

Baýrakly orunlara eýe bolan ýeňijilere we täze rekord goýan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we noutbuklar gowşuryldy.

Iň ýokary utuk toplap, çempion bolan gatnaşyja we ony «Anzan» mental arifmetika maksatnamasy boýunça taýýarlan mugallyma dabaraly ýagdaýda Wýetnama 7 günlik syýahat üçin sertifikat gowşuryldy.

Milli rekordlary täzelän okuwçylar bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5 günlik dynç alyş sertifikatlary bilen sylaglandylar.

Bäsleşigiň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, ýurduň Söwda-senagat palatasy bilen birlikde «Kämil bilim» we «Zehin ýoly» okuw merkezleri çykyş etdiler.