Turkmenportal logo
23.08.2026
53575357
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mingazow Gonkongyň Premýer-ligasynda «Kitçi» klubynyň ýeňiş bilen başlamagyna goşant goşdy

«Kitçi» Gonkongyň futbol çempionatynyň ilkinji tapgyrynda «Gonkong Reýnjersden» 3:2 hasabynda üstün çykyp, möwsümi ýeňiş bilen başlady.

Duşuşygyň eýýäm 9-njy minutynda myhmanlaryň braziliýaly wingeri Ewerton Kamargo hasaby açdy. Emma ikinji ýarymda meýdan eýeleri duşuşygyň gidişini üýtgetmegi başardylar. Natan Laurenso 56-njy minutda, Ýakubu Nassam Ibrahim bolsa 61-nji minutda gol geçirip, «Gonkong Reýnjers» klubyny 2:1 hasabynda öňe çykardy.

«Kitçi» garşydaşynyň yzyndan ýetmeli boldy. Ilki bilen ispan hüjümçisi Koldo Obieta 71-nji minutda oýunda deňme-deňlige getiren goly geçirdi. Kamargo bolsa 77-nji minutda ikinji goluny geçirip, toparyna ýeňiş getiren pökgini tora girizdi. Duşuşyk myhmanlaryň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Kitçiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow duşuşyga ilkinji minutlardan başlady we oýnuň dowamynda meýdançany terk etmedi.

Gonkongyň Premýer-ligasynyň 29-njy awgustda geçiriljek ikinji tapgyrynda «Kitçi» myhmançylykda «Nort Dist