Turkmenportal logo
23.08.2026
83568356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alp Arslan Begenjow Bratislawadaky dünýä çempionatynda goldaw berendikleri üçin janköýerlere minnetdarlyk bildirdi

Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça Bratislawada geçirilen dünýä çempionatynda bir gün ozal bürünç medal gazanyp, ýaryşyň dowamynda özüni goldan janköýerlere minnetdarlyk bildirdi.

«Meniň üçin janköýerlik eden we goldan ähli adamlara köp sag bolsun aýdýaryn. Siziň goldawyňyzy hatda uzak aralykdan hem duýduk... Biziň esasy ýeňşimiz entek öňdedir» — diýip, türkmen türgeni sylaglamak dabarasyndan soň ýazdy.

Ýatladyp geçsek, 86 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orun ugrundaky göreşde Begenjow türkiýeli pälwan Sefa Jesury 5:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Ýarym finalda bolsa türkmen türgeni Russiýanyň wekili Ahmet Mukutowdan 4:8 hasabynda ýeňildi.

Alp Arslan Begenjow — halkara derejeli sport ussady, Türkmenistanyň Döwlet maliýe institutynyň talyby. Ol 2024-nji ýylda ilkinji gezek 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa we dünýä çempionatlarynda degişlilikde Taýlandda we Ispaniýada altyn medal gazandy. Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň taryhynda erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony bolan ilkinji türgen boldy.

2025-nji ýylda ol 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň kümüş medalyny we 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň bürünç medalyny gazanan medallarynyň üstüne goşdy.

2026-njy ýylyň aprel aýynda ulularyň arasynda Bişkekde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazanyp, bu ýaryşda erkin göreş boýunça medal gazanan ilkinji türkmen pälwany boldy. Şol ýylyň maý aýynda bolsa geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Wýetnamyň Danang şäherinde Aziýa çempionatynda ilkinji gezek altyn medal gazandy. Ol ýaryşyň dowamynda garşydaşlaryna ýekeje-de utuk bermedi.