Türkmen erkin göreşijisi Alp Arslan Begenjow Slowakiýanyň paýtagtynda geçirilýän 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.
86 kg agram derejesinde üçünji orun ugrundaky duşuşykda türkmen türgeni türk pälwany Sefa Jesura garşy 9:2 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.
Ozal ýarym finalda Begenjow rus pälwany Ahmad Mukutowdan 4:8 hasabynda ýeňildi. Ýaryşyň finalynda Mukutow bilen ýarym finalda ýaponiýaly Naçuru Okazawany 7:6 hasabynda ýeňen ABŞ-nyň wekili Aeoden Jeýms Sinkler duşuşar. Bürünç medal ugrundaky ikinji duşuşykda bolsa Okazawa gazagystanly pälwan Askhab Hajiýew bilen güýç synanyşar.
Özal habar berlişi ýaly, Bratislawada geçirilýän erkin göreş boýunça ýaşlaryň dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklary Belet platformasynda göni ýaýlymda görkezilýär.