Turkmenportal logo
21.08.2026
1006310063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belet» şu dynç günlerinde Ýewropa futbol ýaryşlarynyň iň esasy oýunlaryny görkezer

Bu dynç günleri futbol janköýerleri üçin aýratyn gyzykly bolar — Ýewropanyň birnäçe öňdebaryjy çempionatynda 2026/2027-nji ýylyň futbol möwsümine badalga berilýär. «Belet» platformasy möwsümiň esasy ilkinji oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer.

Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 2026/2027-nji ýylyň futbol möwsümine şu gün, 21-nji awgustda badalga berilýär. Çempionatyň ilkinji duşuşygynda geçen möwsümiň çempiony «Arsenal» liganyň täze wekili «Kowentri Siti» bilen duşuşar. Tomusda geçirilen dünýä çempionaty sebäpli möwsümiň başlanmagy adaty tertipden bir hepde yza süýşürildi. Guramaçylar ýygyndylaryň ýaryşyndan soň futbolçylaryň dikeldilmegi üçin goşmaça wagt bermek kararyna geldiler.

Italiýanyň A Seriýasy 22-nji awgustda, şenbe güni täze möwsüme başlar. Ýurtdaky häzirki çempion Milanyň «Inter» topary ýaryşyň 125-nji möwsümindäki ilkinji duşuşygyny öz meýdançasynda «Monsa» toparyna garşy geçirer.

Ispaniýanyň La Ligasynda hem çempionlyk ugrundaky göreş başlanýar. Täze möwsümde Madridiň «Real» kluby ilkinji duşuşygyny 22-sinden 23-nji awgusta geçilýän gije geçirer. «Barselona» bolsa möwsüme bir gije soň, 23-inden 24-nji awgusta geçilýän gije başlar.

APL-iň, A Seriýanyň we La Liganyň ilkinji oýunlaryndan başga-da, «Belet» platformasy 1-nji Liganyň, Türkiýäniň Superligasynyň, Russiýanyň we Portugaliýanyň çempionatlarynyň duşuşyklaryny, şeýle hem Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky Dortmundyň «Borussiýasy» bilen «Bawariýanyň» arasyndaky oýny göni ýaýlymda görkezer. Oýunlaryň wagty Aşgabat wagty bilen görkezilýär.

Bu duşuşyklaryň her biriniň gidişine — klublaryň statistikasy, düzümleri we wakalaryň interaktiw wagt çyzgysy bilen — Turkmenportal neşiriniň futbol duşuşyklarynyň merkezinde hem gözegçilik edip bolýar. Ol saýtyň we ykjam goşundynyň «Sport» bölüminde elýeterlidir.

Angliýanyň Premýer-ligasy

  • «Arsenal» – «Kowentri Siti», 22-nji awgustda, 00:00

  • «Hall Siti» – «Mançester Ýunaýted», 22-nji awgustda, 16:30

  • «Brentford» – «Tottenhem Hotspur», 22-nji awgustda, 21:30

  • «Mançester Siti» – «Bornmut», 23-nji awgustda, 18:00

  • «Nýukasl Ýunaýted» – «Liwerpul», 23-nji awgustda, 20:30

  • «Fulhem» – «Çelsi», 25-nji awgustda, 00:00

La Liga

  • «Atletik Bilbao» – «Sewilýa», 22-nji awgustda, 20:00

  • «Espanýol» – «Real Madrid», 23-nji awgustda, 00:30

  • «Elçe» – «Barselona», 24-nji awgustda, 00:30

Seriýa A

  • «Inter» – «Monsa», 22-nji awgustda, 21:30

  • «Jenoa» – «Napoli», 22-nji awgustda, 23:45

  • «Milan» – «Torino», 23-nji awgustda, 23:45

  • «Roma» – «Fiorentina», 24-nji awgustda, 23:45

Liga 1

  • «Marsel» – «Strasbur», 21-nji awgustda, 23:45

  • «Gawr» – «Monako», 23-nji awgustda, 20:15

  • «PSŽ» – «Renn», 23-nji awgustda, 23:45

Türkiýäniň Superligasy

  • «Erzurums­por» – «Galatasaraý», 21-nji awgustda, 23:30

  • «Fenerbahçe» – «Konýaspor», 22-nji awgustda, 23:30

  • «Alaniýaspor» – «Beşiktaş», 23-nji awgustda, 23:30

Russiýanyň çempionaty

  • «SSKA» – «Lokomotiw», 22-nji awgustda, 22:15

  • «Spartak» – «Zenit», 23-nji awgustda, 22:00

Germaniýanyň Superkubogy

  • «Borussiýa» Dortmund – «Bawariýa», 22-nji awgustda, 23:30

Portugaliýanyň çempionaty

  • «Portu» – «Aroka», 24-nji awgustda, 00:30