Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Slowakiýanyň paýtagtynda geçirilýän dünýä çempionatynyň ýarym finalynda ýeňlişe sezewar boldy. Indi ol bürünç medal ugrunda göreşer.
86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän türkmen pälwany ýarym finalda russiýaly Ahmad Mukutow bilen duşuşyp, 4:8 hasabynda ýeňildi. Beýleki ýarym finalda ABŞ-nyň wekili Aeoden Jeýms Sinkler ýaponiýaly Nasura Okazawadan 7:6 hasaby bilen üstün çykdy.
Şeýlelikde, finalda Sinkler bilen Mukutow duşuşar. Bürünç medallar ugrunda iki tutluşyk geçiriler: Begenjow türk pälwany Sefa Jesur bilen, Okazawa bolsa gazagystanly türgen Ashab Hajiýew bilen göreşer.
Şeýle hem şu gün ýaryşda Türkmenistanyň ýene bir wekili — 92 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Döwletgeldi Myradow hem göreşe başlady. Ol 1/8 final tapgyrynda türk pälwany Eýýup Çetini 10:0 hasabynda ýeňip, indiki tapgyra üstünlikli geçdi.
Öň habar berlişi ýaly, ýetginjekleriň arasynda Bratislawada geçirilýän erkin göreş boýunça dünýä çempionatynyň ähli tutluşyklary «Belet» platformasynda göni ýaýlymda görkezilýär.