Turkmenportal logo
20.08.2026
1139911399
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýtynda habar berildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen nygtadylar. Ol ýerde Täjigistan Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak rezolýusiýanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösüşi bellenildi. Şeýle hem energetika, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, söwda hem-de maýa goýum işjeňligi ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagyň geljegine seredildi.

Şu ýylda Duşanbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisiniň hem-de Türkmen-täjik Işewürlik geňeşiniň ikinji mejlisiniň geçirilendigi bellenildi, bu bolsa netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini aňladýar.

Geňeşmelerde medeni-ynsanperwer ugra uly üns berildi. Şu baglanyşykda taraplar ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny berkitmäge bolan özara gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027 – 2028-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.