Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndysynyň agzasy Alp Arslan Begenjow 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Slowakiýanyň Bratislawada şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy.
Sport göreşi boýunça ýaryşlar 16-njy awgustda başlandy we 23-nji awgustda tamamlanar. 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Begenjow ýarym finala barýan ýolunda üç tutluşykda ynamly ýeňiş gazandy. Ol saýlama tapgyrynda hytaýly Bolati Na Ertaýy 10:0 hasabynda ýeňdi. 1/8 finalda müsürli Ýahýa Hassan Abdelsattar Mahmud Eliwi 16:5 hasabynda ýeňmegi başardy. Çärýek finalda bolsa azerbaýjanly pälwan Muhammet Abbaszadeni 14:1 hasabynda ýeňdi.
Ýarym finalda türkmenistanly türgen Russiýanyň wekili Ahmad Mukutow bilen duşuşar. Bu agram derejesiniň beýleki ýarym finalynda amerikaly Aýoden Jeýms Sinkler bilen ýaponiýaly Natsura Okazawa göreşer.
Türkmenistanyň ýaryşdaky beýleki wekili Azatberdi Aşyrgulyýew (61 kg çenli) çykyşyny 1/8 final tapgyrynda tamamlady. Ol saýlama tutluşygynda Puerto-Rikodan gelen pälwan Frederik Bahmany 7:1 hasabynda ýeňdi, emma soňky tutluşykda russiýaly Zelimhan Çaniýewden asgyn geldi.