Turkmenportal logo
20.08.2026
1567815678
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilýeti Hywada geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

19-njy awgustda Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Hywa şäherinde Özbek-türkmen ýaşlar forumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu forum 18–21-nji awgust aralygynda geçirilýär. Çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Çäräniň dowamynda Özbegistanyň Ýaşlaryň işleri boýunça agentliginiň direktory Alişer Sagdullaýew, Horezm welaýatynyň häkiminiň orunbasary Sanýat Salaýew, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Keriýew öz çykyşynda Hywanyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ylym we medeniýet merkezleriniň biri hökmünde taryhy ähmiýetini belläp, Magtymguly Pyragynyň ýerli Şirgazy han medresesinde bilim alandygyny nygtady. Şeýle hem ol Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ünsi çekdi. Medeni gatnaşyklaryň mysaly hökmünde Daşkentde «Aşgabat» seýilgähiniň, Aşgabatda bolsa «Daşkent» seýilgähiniň açylmagyny, şeýle hem şu ýylyň maý aýynda Özbegistanda geçirilen ahalteke atlarynyň gözelliginiň «Gündogaryň merjeni» atly 22-nji dünýä çempionatynyň netijelerini görkezdi.

Türkmenistanyň ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 2018-nji ýyldaky ähtnama bilen berkidilen yzygiderli hukuk binýadynyň bardygyny belläp, soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki başlangyçlaryň ençemesini mysal getirdi. Olaryň hatarynda türkmen ýaşlarynyň Ferganada geçirilen «Ýaş parahatçylyk döredijileriň serhetüsti başlangyjy» atly halkara maksatnama gatnaşmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Ýaşlar jemgyýetleriniň ählumumy toruna goşulmagy, Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň 14-nji Ýaşlar forumyna, şeýle hem şu ýylyň awgustynda geçirilen «Ýaşlar — geljegi döredijiler» atly V Halkara ýygnanyşygyna gatnaşmagy bar.

Ol şeýle hem Türkmenistanyň özbek tarapynyň gatnaşmagynda guran iri halkara çärelerini ýatlatdy. Olaryň hatarynda 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» forumy, Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumy, şeýle hem Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň üçünji maslahaty (LLDC3) bar.

Maksatnama laýyklykda, forumyň umumy mejlislerinden we ýaşlar syýasaty boýunça tanyşdyrylyşlardan başga-da, gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama, Hywa we Ürgenç şäherleriniň taryhy ýadygärliklerine baryp görmek, şeýle hem Özbegistanyň ýaşlar merkezleriniň işi bilen tanyşmak göz öňünde tutulýar. Forum 21-nji awgustda tamamlanar.