Turkmenportal logo
20.08.2026
67606760
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky «Kids Expo 2026» sergisinde «Buzz» brendiniň täze içgileri görkezildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids Expo 2026» sergisi geçirilýär. 19–22-nji awgust aralygynda dowam edýän çärä «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti hem gatnaşýar.

Kompaniýa öz pawilýonynda «Buzz» içgileriniň çüýşeleriniň täzelenen dizaýndaky görnüşlerini hödürledi. Önümleriň hatarynda limon tagamly gök çaý, şetdaly tagamly gara çaý, gök gapdaky böwürslen tagamly gara çaý we gülgüne gapdaky nar tagamly içgi bar.

Mundan başga-da, «Ýüpekçi» sergide «Pökgi» we «Hoshal kids» söwda belgileri bilen öndürilýän çagalar üçin niýetlenen şirelerini görkezdi. Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, bu önümler, esasan-da şireler, çagalaryň arasynda uly meşhurlyga eýe.

«Kids Expo 2026» sergisi çagalar we maşgalalar üçin niýetlenen harytlary we hyzmatlary öndürijileri bir ýere jemläp, kompaniýalara täze önümlerini giň köpçülige hödürlemäge mümkinçilik berýär.