Turkmenportal logo
20.08.2026
95829582
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde geçirilen maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkent şäherinde geçirilen «Garaşsyz Özbegistan: ösüşiň 35 ýyllyk ýoly, özgertmeler, gazanylan netijeler we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.

Foruma dünýäniň öňdebaryjy bilermenleriniň, alymlarynyň we parlamentleriň wekilleriniň gatnaşmagynda häzirki zaman ösüşiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň tematik bölümleriniň çäklerinde döwlet gurluşyny pugtalandyrmak we ykdysady durnuklylygy üpjün etmek boýunça ugurlara garaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanda ýurduň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, zähmet we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak, şeýle hem ýokary hilli bilim almak we saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, halkara derejedäki şeýle maslahatlaryň halklaryň arasynda dostluk we özara ynam köprülerini pugtalandyrmak, şeýle hem institusional hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini giňeltmek üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.