Turkmenportal logo
19.08.2026
1118711187
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» Stambul — Minsk ugry boýunça uçuşlary gaýtadan dikelder

Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabryndan başlap Stambul bilen Minskiň arasynda göni awiagatnawlary gaýtadan ýola goýýar. Täze uçuş tertibine laýyklykda, iki paýtagtyň arasynda hepdede ýedi gatnaw amala aşyrylar.

Esasy gatnaw TK-283 uçuşy bolup, ol Stambul howa menzilinden (IST) ýerli wagt bilen sagat 06:45-de ugrap, Minskiň milli howa menziline (MSQ) sagat 10:20-de barar. Uçar yzyna TK-284 gatnawy boýuça Minskden sagat 11:15-de uçup, Stambula sagat 14:50-de geler.

Irdenki gatnawdan başga-da, awiakompaniýa uçuş tertibine Stambuldan agşamky TK-285 gatnawyny goşar. Ol sagat 21:05-de ugrap, Minskä sagat 00:45-de barar. Yzyna TK-286 ugry bolsa bolsa Belarusyň paýtagtyndan sagat 01:40-da uçup, Stambula sagat 05:20-de geler.

Meýilnamada görkezilen ähli wagtlaryň ýerli sagat guşaklygy boýunça kesgitlenilendigi bellenilýär.