Turkmenportal logo
18.08.2026
85978597
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Garagum Ulag» «Toyota» awtomobilleriniň eýelerine 1000 km geçilenden soňky ilkinji tehniki gözegçiligi ýatladýar

«Garagum Ulag» resmi dilerlik merkezi «Toyota» awtomobilleriniň eýelerine 1 000 kilometr geçilenden soň ilkinji tehniki gözegçilikden geçmegiň zerurdygyny ýatlatdy we hyzmat merkezine wagtynda ýüz tutmagyň ulagyň sürlüp tanyşylýan (obkatka) döwründe ýüze çykýan aýratynlyklary wagtynda tapmaga kömek edýändigini nygtady.

Dilerlik merkeziniň maglumatlaryna görä, täze awtomobil satyn alnandan soň ulag eýeleri wizual barlag we doly anyklaýyş işlerini geçirmek üçin hünärmenlere ýüz tutmalydyrlar. Barlagyň dowamynda ussalar ulagyň sürlen ilkinji günlerinden soň bökdençsiz işleýändigine göz ýetirmek üçin esasy birikmeleriň we ulgamlaryň ýagdaýyna baha berýärler.

«Garagum Ulag» merkezinde bellenilişi ýaly, hyzmat merkezinde ilkinji barlag aýratyn möhüm ähmiýete eýedir: hut şu tapgyrda sürlüp tanyşylýan döwürde ulgamlaryň işindäki ýüze çykyp biljek uly bolmadyk kemçilikleri wagtynda ýüze çykaryp we olary tiz wagtda aradan aýryp bolýar. Şunuň bilen bir hatarda, dilerlik merkezinde bu barlagyň awtomobil eýeleri üçin doly mugt geçirilýändigi nygtalýar.

Kompaniýa «Toyota» ulaglarynyň eýelerine hyzmat merkezine barmagy soňa goýman, geçilen ýol 1 000 km-e ýeten badyna «Garagum Ulag» hyzmat merkezine ýüz tutmagy maslahat berýär. Hyzmata ýazylmak we goşmaça maglumatlary almak üçin müşderilere hyzmat merkezi bilen öňünden habarlaşmak teklip edilýär.

«Toyota» — awtoulagyňyz barada alada ilkinji kilometrden başlanýar» diýip, dilerlik merkezinde nygtaýarlar.