Turkmenportal logo
17.08.2026
1806218062
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri täze okuw ýylyna taýýarlyk görýärler

2026-njy ýylyň 17 – 19-njy awgusty aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan Aşgabatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri üçin usuly-amaly okuwlar geçirilýär. Çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda guralýar.

Oňa gatnaşyjylar bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri: ulgamy has-da kämilleşdirmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, okuw işine häzirki zaman usullary we öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda pikir alyşarlar. 

Okuwyň dowamynda tejribeli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärler çykyş ederler hem-de mugallymçylyk iş tejribelerini paýlaşarlar, şeýle hem pedagogik işgärleriň döredijilik sergisi guralar.