Stambulyň howa menzili (IST) 16-njy awgustda Ýewropanyň howa menzilleriniň arasynda bir günde hyzmat edilen ýolagçylaryň sany we amala aşyrylan gatnawlaryň sany boýunça nobatdaky rekordyny täzeledi. Bu barada Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly habar berdi.
Ministr X sosial ulgamyndaky sahypasynda: «Stambulyň howa menzili uçuşlaryň sany we ýolagçy gatnawy boýunça Ýewropadaky taryhy rekordlaryny ýene-de täzeledi. 16-njy awgustda täze ýokary görkezijä ýetildi. Howa menzili 290 287 ýolagça hyzmat etdi we 1 739 uçuşy amala aşyrdy» — diýip, ýazdy.
Onuň sözlerine görä, Stambulyň howa menzili öz rekordlaryny her gün diýen ýaly täzeläp durýar, şeýlelikde, dünýä derejesindäki uçar gatnawlary merkezi hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar.
Täze görkeziji 9-njy awgustda goýlan öňki rekorddan hem ýokary boldy. Şol gün howa menzili 289 732 ýolagça hyzmat edipdi.
Stambulyň howa menzili Ýewropanyň iň iri howa gatnawlarynyň merkezleriniň biri hem-de Türkiýäniň esasy halkara üstaşyr gatnaw merkezidir. Howa menzilinden her gün dünýäniň ähli sebitlerine diýen ýaly müňlerçe göni we üstaşyr uçuşlar amala aşyrylýar.