Turkmenportal logo
Şu gün 14:10
71927192
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Esen Aýdogdyýew: «Hazar deňzi mundan beýläk ýurtlary bölýän däl-de, sebiti birleşdirýän giňişlik hökmünde çykyş edýär»

Waşingtondaky Hazar syýasy merkezi (CPC) Çolpon-Atada (Gyrgyzystan) geçirilen C6 sammitiniň jemlerine we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanan duşuşyk geçirdi. Çärede sebitiň ABŞ-da akkreditirlenen bäş döwletiniň ilçileri, şol sanda Türkmenistanyň ilçisi Esen Aýdogdyýew hem gatnaşdy.

CPC-iň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Efgan Nifti duşuşygy açyp, sebitde bolup geçen özgerişligi — serhet dawalarynyň we syýasy dartgynlylygyň döwründen gepleşikler hem-de hyzmatdaşlyk döwrüne geçilendigini belledi. Ol şeýle hem Azerbaýjanyň Kawkaz bilen Ýewropa bazarlarynyň arasynda birleşdiriji halka hökmünde Merkezi Aziýanyň ykdysady gün tertibindäki artýan ornuny nygtady.

Çäräniň moderatory, CPC-iň uly ylmy işgäri Erik Rudenshold Çolpon-Atadaky sammiti Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşindäki nobatdaky tapgyr hökmünde häsiýetlendirip, sebitdäki syýasy gepleşikleriň yzygiderliliginiň we ulgamlaýynlygynyň artýandygyny belledi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew öz çykyşynda Hazar deňziniň sebitara baglanyşyk faktory hökmünde artýan ornuny nygtady. Onuň sözlerine görä, Hazar mundan beýläk bölüji çyzyk bolman, eýsem, Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjanyň arasynda birleşdiriji halka hökmünde çykyş edýär.

Sebit hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada gürrüň etmek bilen, E.Aýdogdyýew amaly netijeleri gazanmagy, hususan-da, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitledi. Ol sebit agzybirligini berkitmegiň hem Türkmenistanyň ymtylýan iň wajyp netijeleriniň biridigini belledi. Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna aýratyn üns berip, ony ýurduň daşary syýasy ugrunyň esasy pelsepesi diýip atlandyrdy.

Şunda ol bitaraplygy üzňeleşmek syýasaty hökmünde düşündirmeli däldigini nygtady: gaýtam, tersine, bu eýelenilýän orun Türkmenistanyň sebitde özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyga açyk bolan ynamly we öňünden çaklanyp bilinýän hyzmatdaş hökmündäki derejesini berkidýär.

 Duşuşygyň beýleki gatnaşyjylaryň eýeleýän orunlary

Azerbaýjanyň ilçisi Hazar Ibraim hem Çolpon-Atadaky sammitiň jemleriniň sebitde gazanylan bitewiligi görkezýändigini, Azerbaýjanyň gatnaşmagynyň bolsa C6 formatynyň geografiýasyny we amaly ähmiýetini giňeltýändigini beýan etdi. Ol şeýle hem Orta geçelgäniň diňe bir geljegi uly taslama bolman, eýsem, eýýäm iş ýüzündäki ulag ugry hökmünde hereket edýändigini belledi.

Gazagystanyň ilçisi Magžan Ilýasow sebitde ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ählisiniň arasynda durnukly gepleşikler üçin şertleri döretmegiň wajyplygyny nygtady. Gyrgyz Respublikasynyň ilçisi Edil Baýsalow sammite öý eýesi bolan ýurduň wekili hökmünde sebit ýurtlarynyň daşky täsirlersiz içki meseleleri özbaşdak çözmäge we agzybirligi berkitmäge bolan ukyplylygyna düşünjesiniň artýandygyny belledi.

Hyzmatdaşlygyň anyk netijeleriniň arasynda ol Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýoly bilen birlikde ulag baglanyşygynyň ösüşini tapawutlandyrdy. Özbegistanyň ilçisi Furkat Sidikow sammiti Prezident Şawkat Mirziýoýewiň sebitdäki syýasy hyzmatdaşlygy berkitmäge bolan ugrunyň dowamy hökmünde häsiýetlendirdi.

Şeýle-de ol Özbegistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikdäki kärhanalarynyň sanynyň 2017-nji ýylda 300 töweregi bolanlygyndan häzirki wagtda 1500 töweregine çenli artandygyny habar berdi we ýurduň Orta geçelgäni sanlylaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Çäräniň jemleri boýunça gatnaşyjylar sebitiň ulag, energetika, gümrük düzgünleşdirişi, sanly baglanyşyk, maýa goýumlary, suw serişdeleri, ekologiýa we syýahatçylyk ugurlarynda amaly we anyk netijelere gönükdirilen hyzmatdaşlyga tarap yzygiderli öňe gidýändigini bellediler. Gepleşikler maýa goýum mümkinçilikleri we ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky sowal-jogap tapgyry bilen tamamlandy.