Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Tebigy gözegçiniň bütindünýä güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Çäre 6-njy awgustda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň mejlisler zalynda geçirildi.
Duşuşyga ýurduň her bir döwlet tebigy goraghanasyndan hem-de welaýat daşky gurşawy goramak müdirliklerinden tejribeli döwlet gözegçileri çagyryldy.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar tebigaty goramak ugrunda toplan iş tejribeleri bilen paýlaşdylar. Şeýle hem foto duzaklar we beýleki döwrebap usullar arkaly biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Çäräniň ahyrynda işinde aýratyn tapawutlanan döwlet gözegçilerine gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.
Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «Conservation X Labs» guramasy tarapyndan bilelikde guraldy.