Turkmenportal logo
Düýn 17:24
959959
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Az ses — köp rahatlyk: «Ak Bulut» akustiki potoloklarynyň artykmaçlyklary

Häzirki zaman binalary diňe bir daşky görnüşi we energiýa netijeliligi däl, eýsem, akustiki amatlylygy hem nazara alnyp taslanylýar. Ozal esasy üns diwarlaryň we pollaryň bezegine gönükdirilen bolsa, häzirki wagtda rahat gurşawy döretmekde potolok ulgamlary möhüm orun eýeleýär. Hut şolar sesiň derejesini ep-esli azaltmaga, otaglaryň akustikasyny gowulandyrmaga we olarda bolmagy has amatly etmäge ukyplydyr.

Türkmenistanda şeýle çözgütleri öndürýän kärhanalaryň biri — dürli maksatly desgalar üçin on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda asma potoloklaryň giň görnüşlerini öndürip gelýän «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetidir. Kompaniýa funksionallygy, döwrebap dizaýny we ýokary ulanyş aýratynlyklaryny özünde jemleýän winil örtükli gips potoloklary, metal, alýumin we akustiki potolok ulgamlaryny hödürleýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, akustiki potoloklara bolan gyzyklanma ýyl-ýyldan artýar. 

«Şu günki günde sargytçylar diňe bir otagyň daşky görünüşine däl, eýsem, akustiki amatlylyk derejesine hem has uly üns berýärler. Gaty ses iş ukybyny peseldýär, ünsüň jemlenmegini kynlaşdyrýar we adamyň umumy ýagdaýyna ýaramsyz täsir edýär. Şonuň üçin ýokary hilli akustiki potoloklar häzirki zaman edaralarynyň, bilim edaralarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň möhüm bölegine öwrülýär» — diýip, «Ak Bulut» kärhanasynda belleýärler.

Akustiki potoloklaryň esasy aýratynlygy ses tolkunlaryny netijeli siňdirip bilmek ukybydyr. Munuň özi sesiň ýaňlanmagyny azaltmaga, umumy ses derejesini peseltmäge we işlemek, okamak hem-de dynç almak üçin has amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Bu netije köpçüligiň ýygnanýan, ýokary ses derejesiniň gürleşmäge we ünsüňi jemlemäge päsgel berip biljek otaglarynda has-da aýdyň duýulýar.

Hut şol sebäpli şeýle potolok ulgamlary açyk görnüşli edaralarda, maslahat zallarynda, okuw auditoriýalarynda, mekdeplerde, uniwersitetlerde, lukmançylyk edaralarynda, myhmanhanalarda, restoranlarda, söwda merkezlerinde, kinoteatrlarda, sport toplumlarynda we dolandyryş binalarynda giňden ulanylýar. Şeýle-de olar sesiň hiline aýratyn ähmiýet berilýän gepleşikler geçirilýän otaglarda we call-merkezlerinde peýdalanylýar.

«Ak Bulut» önümleri akustiki aýratynlyklaryndan başga-da, ýokary durnuklylygy we estetik gözelligi bilen tapawutlanýar. Görnüşleriniň, ölçegleriniň we gurluş çözgütleriniň köpdürlüligi potology döwrebap işewürlik merkezlerinden başlap, bilim we lukmançylyk edaralaryna çenli islendik interýere laýyklykda saýlamaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň önümçiligi ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mala esaslanýar. Munuň özi önümleri diňe bir adamyň saglygy we daşky gurşaw üçin howpsuz etmek bilen çäklenmän, eýsem, önümleriň bäsdeşlige ukyply bahasyny saklamaga hem şert döredýär.

«Biz gurluşygyň döwrebap talaplaryna laýyk gelýän önümleri döretmäge çalyşýarys. Potolok ulgamlarynyň diňe bir owadan bolman, eýsem, uzak ömürli, howpsuz, ulanmaga amatly bolmagy we adamlaryň bolýan giňişliginiň hilini hakykatdan hem gowulandyrmagy biziň üçin örän möhümdir» — diýip, kärhananyň wekilleri nygtaýarlar.

Häzirki wagtda «Ak Bulut» kompaniýasynyň önümçilik kuwwaty her ýylda 4 million inedördül metre çenli asma potoloklary, şeýle hem potolok ulgamlaryny gurnamak üçin zerur bolan 7 müň tonna golaý sinklenen metal profilleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa kompaniýa kiçi göwrümli şahsy taslamalary hem-de iri gurluşyk desgalarynyň taslamalaryny üsütnlikli durmuşa geçirmäge şert döredýär.

Önümiň ýokary hilli bolmagy hile gözegçilik, ekologiýa menejmenti we zähmeti goramak ulgamlaryny öz içine alýan halkara ISO sertifikatlary bilen tassyklanylýar. Kompaniýanyň potolok ulgamlary Türkmenistanyň ähli sebitlerine ýerlenilýär, şeýle hem GDA, Zakawkazýe we Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.

Häzirki wagtda «Ak Bulut» islendik çylşyrymlylykdaky desgalar üçin döwrebap çözgütleri hödürläp, önümçiligi ösdürmegi we önüm görnüşlerini kämilleşdirmegi dowam edýär. Kompaniýada ýokary hilli potologyň diňe bir interýer elementi bolman, eýsem, adamlaryň zähmet öndürijiligine, saglyk ýagdaýyna we durmuş hiline täsir edýän oňaýly gurşawyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belleýärler. Hut şol sebäpli akustiki potoloklar kem-kemden goşmaça saýlama däl-de, häzirki zaman jemgyýetçilik we täjirçilik binalarynyň hökmany elementleriniň birine öwrülýär.