Turkmenportal logo
Düýn 16:22
68626862
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
PFL ýaryşynyň öňüsyrasynda Ýagşymyradow bilen Pauell «nazar bäsleşigini» geçirdiler

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow Professional Fighters League (PFL) guramasynyň ýaryşynyň çäklerinde geçiriljek tutluşygyň öňüsyrasynda britaniýaly Simeon Pauell bilen däp bolan «nazar bäsleşigini» (face-off) geçirdi.

Ýarym agyr agram derejesindäki tutluşyk 7-nji awgustda ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotta şäherindäki «Bojangles Coliseum» sport arenasynda geçiriler. Söweş «PFL Charlotte» ýaryşynyň esasy kardynyň maksatnamasyna girizildi.

Ozal bu tutluşygyň Nýu-Ýorkda geçirilmegi meýilleşdirilipdi. Emma ýerli atletika komissiýasynyň Simeon Pauelli ozal geçirilen operasiýasy sebäpli ýaryşa goýbermezlik karary bilen baglylykda söweş başga senä geçirildi. Şeýle-de bolsa, garşydaşlar öz jübütligini saklap galdylar we ilkinji meýilleşdirilen seneden bir hepde soň duşuşarlar.

Döwletjan Ýagşymyradowyň hasabynda 26 ýeňiş, 8 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar. Simeon Pauell bolsa şu wagta çenli 12 söweşde ýeňiş gazanyp, 2 gezek ýeňildi.

Ýaryşyň esasy kardynyň göni ýaýlymy ESPN teleýaýlymy arkaly görkeziler.

Türkmenistanyň MMA janköýerleri we Döwletjan Ýagşymyradowyň muşdaklary bu tutluşygy «Belet» platformasy arkaly göni ýaýlymda görüp bilerler. Aşgabat wagty bilen söweşiň 8-nji awgustda takmynan sagat 08:30-da başlamagyna garaşylýar.