Turkmenportal logo
Düýn 10:02
81548154
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheriniň muzeýi «Altyn damja» çagalar merkezinde göçme sergi gurady

Ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi Gökderede ýerleşýän «Altyn damja» çagalar sagaldyş merkezinde göçme sergi gurady.

Muzeýiň işgärleri çagalara Türkmenistanyň tebigaty, ýagny ösümlikleri, guşlary, haýwanat dünýäsi we deňiz jandarlary barada olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda ýönekeý we düşnükli maglumatlary ýetirdiler.

Şeýle hem çagalara ata Watanymyzyň daglary, jülgeleri, derýalary we çölleri barada gürrüň berlip, tebigaty söýmäge, ony goramaga hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşilmelidigi barada gürrüň berildi.

Mundan başga-da, sergide türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, çagalar janly tebigat we milli däp-dessurlar baradaky gyzykly gürrüňleri uly höwes bilen diňlediler hem-de özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler.