Turkmenportal logo
Düýn 18:23
69966996
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Sungat öwreniş» atly täze okuw kitaby çap edildi

Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy milli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Sungat öwreniş» atly täze okuw kitabyny çap etdi. Bilim ministrliginiň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, neşiriň awtorlary A.Baýlyýewa we A.Kadyrowadyr.

​Okuw kitaby sungat teoriýasynyň esasy meselelerini, şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini we žanrlaryny, çeper beýan ediş serişdelerini hem-de sungatyň jemgyýet bilen özara gatnaşygyny öz içine alýar.

​Sungat eserlerini seljermekde häzirki zaman ylmy çemeleşmelerine we talyplaryň gözleg, barlag endiklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.