Turkmenportal logo
Şu gün 11:30
48894889
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Gara altyn» merkezi – Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işgärleriniň çagalary üçin dynç alyş mekany

«Türkmennebit» döwlet konserniniň  Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän «Gara altyn» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda we edaralarynda zähmet çekýän hünärmenleriň hem-de işgärleriň çagalary tomusky dynç alyşlaryny işjeň we peýdaly geçirýärler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, tomus möwsüminiň her tapgyrynda bu merkezde 400 çaga dynç alyp, saglygyny berkidýär.

Merkezde çagalar üçin dürli okuw gurnaklary ýola goýlup, döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary we beýleki gyzykly çäreler yzygiderli geçirilýär.

Döwrebap çagalar merkezi iň täze enjamlar bilen üpjün edilen hyzmat ediş we hojalyk otaglary, naharhana, okalga zaly, dynç alyş otaglary, kompýuter synplary, türgenleşik zallary hem-de sport meýdançalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem bu ýerde aýdym-sazly dabaralary, medeni-köpçülikleýin çäreleri we beýleki baýramçylyk maksatnamalaryny geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilendir.