Turkmenportal logo
Şu gün 11:38
54545454
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy «Aýratyn wajyp ýolagçylaryň we Wajyp ýolagçylaryň zallaryndan geçmegiň Tertibine» üýtgetmeleri girizdi

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy «Aýratyn wajyp ýolagçylaryň we Wajyp ýolagçylaryň zallaryndan geçmegiň Tertibine» birnäçe üýtgetmeleri we goşmaçalary girizdi. Degişli buýruk 2026-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.

Üýtgetmeler ilkinji gezek 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory tarapyndan tassyklanan tertibe girizildi. Täze redaksiýa laýyklykda, öňki «Türkmenhowaýollary» agentligi barada edilen ähli salgylanmalar onuň guramaçylyk-hukuk derejesiniň üýtgemegi sebäpli «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy diýen at bilen çalşyryldy.

Şeýle hem Aýratyn wajyp ýolagçylaryň zalyndan peýdalanmaga hukugy bolan adamlaryň sanawy takyklanyldy. Täze redaksiýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy aýratyn görkezilýär. Mundan başga-da, sanawa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary hem goşuldy. Şol bir wagtyň özünde degişli goşundydan Milli Geňeş sözleri aýryldy.

Welaýatlaryň ýolbaşçylary bilen deň derejede hasaplanýan wezipeli adamlaryň sanawyna Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary hem goşuldy. Bu üýtgetme Aýratyn wajyp ýolagçylar bilen birlikde Wajyp ýolagçylar bölümine hem degişli edildi.

Şeýle-de zallardan peýdalanmaga hukugy bolan adamlaryň sanawyna girýän ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň we olaryň orunbasarlarynyň wezipe atlary täzeden beýan edildi. Hususan-da, awtomobil ýollary ministriniň, demir ýol ulaglary ministriniň, awtomobil ulaglary ministriniň, aragatnaşyk ministriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň we olaryň orunbasarlarynyň wezipeleriniň atlary täze görnüşde beýan edildi.

Buýruk Türkmenistanyň «Hukuk namalary hakynda» Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda kabul edildi we oňa «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy gol çekdi.