Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti «X» sosial torunda işiniň gaty kändigi sebäpli gijelerine bary-ýogy üç sagat uklaýandygyny, ýagny wezipesine girişenden bäri dowamly ukusyzlykdan ejir çekýändigini habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Özem hatda bary-ýogy üç sagat uklamak 65 ýaşly Premýer-ministre hemişe ýetdirip durmaýar, adatça, ol gije on ikiden sagat üçe çenli uklamaga mümkinçilik tapýar. Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýolbaşçysy iýul aýyndaky dynç günlerini resminamalary öwrenmek bilen geçiripdir. Diňe 20-nji iýulda Ýaponiýa Deňiz gününi baýram edende, oňa nädibem bolsa, bäş sagat uklamak başardypdyr.
Ýaponiýada Takaitiniň ukusyny ýeterlik almaýandygyndan biynjalyk bolýarlar. «The New York Times» gazeti bu täzeligiň hatda ýerli syýasatçylary-da haýran galdyrandygyny ýazýar. Olaryň pikiriçe, Premýer-ministriň ýeterlik uklamazlygy milli krizislere garşy dolandyryşda howp döredýär.
Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýada inemuri medeniýeti (gündizki uky) giňden ýaýrandyr. Bu eger adam işde ýa-da işewürlik duşuşygy wagty irkilse, bu asla hormat goýmazlyk nyşany däl-de, onuň işe berlendigini aňladýar. Özem şeýle ýagdaýda hatda wajyp çäre bolsa-da, ony oýarmak ýerliksiz hasap edilýär.