Turkmenportal logo
Şu gün 10:52
45674567
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ülpetler obasynda erkekler ýetmezlik edýär
Surat: gazeta.ru

Russiýanyň Perm şäherinden 11 kilometrlikde ýerleşýän Ülpetler (Чуваки) obasynda erkekler ýetmezlik edýär. Bu barada «Mash» telegram-ýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Häzir obada 100 zenana bary-ýogy 80 erkek düşýär. Obanyň erkek ilaty gitdigiçe azalýar. Bu bolsa, Ülpetler obasynyň jemgyýetçilik hem-de ykdysady durmuşynda zenanlaryň agalyk etmegine eltýär.

2018-nji ýylda Syýahatçylyk boýunça «Tutu.ru» hyzmatlar gullugy sosial torda Russiýanyň atlary iň gülkünç we jüpüne düşmedik ilatly ýerlerini saýlamagy teklip etdi. 11 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen pikir soralyşygyň jemleri boýunça Perm ülkesindäki Ülpetler obasy ýeňiji saýlandy.  3-nji aprelde bolsa, bu sanawa giren Twer oblastyndaky «Большие Пупцы» (Ullakan Göbekler) obasynyň indi ýokdugy belli boldy.

Ülpetler obasynda erkekler ýetmezlik edýär | Turkmenportal.com