Turkmenportal logo
Şu gün 10:49
43214321
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 610 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň ep-esli ýokarlanmagynda «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlarynyň mynasyp paýy bar. Muňa häzirki zaman dünýäsiniň kämil enjamlarydyr desgalary bilen üpjün edilen kärhanada 2026-njy ýylyň başyndan bäri gazanylan netijeler hem doly şaýatlyk edýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gürrüňi edilýän müdirlik boýunça hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» möçberleri 610 müň 234 tonna barabar boldy. Şonuň netijesinde bu ýerde gazanylan ösüş depgini 105 göterimden hem geçdi.

Göz öňünde tutulandan 61 müň tonna nebit çig malyny artyk çykaran müdirligiň nebitçileri häzirki günlerde iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.