Turkmenportal logo
Şu gün 10:47
56125612
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguzda dynç alyş seýilgähiniň durkuny täzelemek üçin enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edildi

Daşoguz welaýat häkimligi welaýat merkeziniň Görogly köçesinde ýerleşýän suw çüwdürimli we heýkeller toplumy bolan dynç alyş seýilgähini düýpli abatlamak üçin zerur enjamlary we önümleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi.

№ 311 belgili lot hökmünde hasaba alnan bäsleşik 2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda sagat 10:00-da geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar 18-nji awgustda sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň şertleri, önümleri, işleri we hyzmatlary üpjün etmek boýunça talap edilýän möçberler baradaky maglumatlary Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, j. 156 salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bäsleşik toparyna ýüz tutup, alyp bolýar (telefonlary: 39-46-39, 39-46-38).

Guramaçylar bäsleşik baradaky maglumatlaryň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň e.finance-economic.gov.tm resmi web-saýtynda hem ýerleşdirilendigini mälim edýär.