Turkmenportal logo
Şu gün 09:50
64136413
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ECCO brendiniň täze aýakgap toplumy Aşgabatdaky satuw nokatlaryna geldi

Daniýanyň meşhur ECCO brendiniň täze toplumy kompaniýanyň Türkmenistandaky dükanlaryna gelip gowuşdy. Möwsüme laýyk erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen täze aýakgaplar hem-de aksessuarlar indi Aşgabatdaky resmi ECCO brendiniň dükanynda alyjylara hödürlenýär.

ECCO kompaniýasy 1963-nji ýylda Daniýada döredildi we döredilen gününden bäri rahatlygy, ýokary hili hem-de innowasion tehnologiýalary utgaşdyrmak ýörelgesine eýerýär. Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýurdunda bu kompaniýanyň derini gaýtadan işleýän kärhanalary bar. Brend diňe bir öz aýakgaplary üçin deri öndürmek bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň egin-eşik, aýakgap we awtoulag senagaty boýunça tanalýan beýleki brendlerini hem ýokary hilli deri çig maly bilen üpjün edýär.

ECCO kompaniýasynyň esasy tehnologiýalarynyň biri FLUIDFORM™ bolup, bu usulda, mysal üçin, poliuretan ýaly suwuk polimer eýýäm aýakgabyň ýokarky bölegi ýerleşdirilen galyba göni guýulýar. Şol tehnologiýanyň netijesinde aýakgaplar ýelim we tikin ulanylmazdan öndürilýär, daban bölegi bolsa aýagyň şekiline takyk laýyk gelýär. Bu bolsa has ýokary rahatlygy we çydamlylygy üpjün edýär.

Türkmenistandaky ECCO kompaniýasynyň dükanlarynda brendiň dürli görnüşli hakyky önümleri hödürlenýär. Olaryň hatarynda gündelik aýakgaplar, krossowkalar, nusgawy modeller, sandallar we ädikler, şeýle hem torbalar, guşaklar, gapjyklar we aýakgaba ideg ediji serişdeler bar.

Täze toplum bilen Aşgabat şäherindäki «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän resmi ECCO kompaniýasynyň dükanynda tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +993 12 46-83-75

Sosial ulgamdaky sahypasy.