Turkmenportal logo
Düýn 22:10
1001110011
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Degişli şaly we gant şugundyry ekilen meýdanlarda bolsa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilýär. Gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlarda saklamak we ilata ýetirmek işleri, şeýle hem güýzlük ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ekişi dowam edýär. 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem ýurtda şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ideg etmek we zyýan berijilere garşy göreşmek çäreleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem bugdaý ekişine taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.