Turkmenportal logo
Düýn 15:06
83848384
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilçi R.Alimow: Özbegistan Türkmenistan bilen senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardyr

Özbegistan doganlyk Türkmenistan bilen senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, tehnologiýalary alyşmaga, bilelikdäki önümçilikleri döretmäge hem-de özara haryt daşamalaryny artdyrmaga taýýardyr. Bu barada Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow Aşgabatda geçen türkmen-özbek işewürlik forumynda çykyş edip belledi.

​«Özbegistan doganlyk Türkmenistan bilen senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, tehnologiýalary alyşmaga, bilelikdäki önümçilikleri döretmäge we anyk önümleriň özara üpjünçiligini artdyrmaga açykdyr» diýip, ol belledi.

​Diplomat çäräni gurandygy we özbek wekiliýetini myhmansöýerlik bilen garşylandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň işewür tоparlarynyň arasynda netijeli gepleşikler üçin amatly şertleriň döredilendigini nygtady. Onuň sözlerine görä, forumda Özbegistanyň ýigrimiden gowrak öňdebaryjy kompaniýasy we türkmen işewürliginiň şonça hem wekili gatnaşýar, bu bolsa söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bolan özara gyzyklanmany tassyklaýar.

​Alimow iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasaty arkaly Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösýändigini we strategiki hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini belledi. Ilçi Özbegistanda we Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk hem-de döwrebaplaşdyryş maksatnamalaryny göz öňünde tutup, gurluşyk harytlaryny öndürmek boýunça senagat hyzmatdaşlygyny geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezdi.

​Diplomatyň sözlerine görä, forum ilkinji nobatda telekeçileriň arasynda göni duşuşyklary we gepleşikleri geçirmäge gönükdirilendir. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda gurluşyk we boýag serişdelerini, panel we demir gurluşlary, bezeg çig malyny we plita önümlerini, metal mineral önümleri, profil we armaturlary, rezin önümlerini, demir ýylylyk saklaýjy önümleri, polat we ferrosplawlary, samorezleri, şeýle hem plastmas önümlerini öndürmek görkezildi.

​Ilçi bu forumyň gatnaşyjylara täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, özara peýdaly ylalaşyklara gol çekmäge we türkmen-özbek strategiki hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşmaça itergi bermäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.