Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron duşenbe güni tokaý ýangynlarynyň Bordo şäherine golaýlamagy sebäpli Ministrler Kabinetiniň gyssagly mejlisini geçirer. Şäheriň häkimi Toma Kazenawyň sözlerine görä, ýangynyň esasy ojagy Bordodan takmynan 15 kilometr uzaklykda ýerleşýär, öňümizdäki güýçli yssy howa bolsa ýangyny söndürmek işlerini has-da kynlaşdyryp biler. Ilaty takmynan 850 müň adam bolan Bordonyň ýaşaýjylaryny häzirlikçe göçürmek meýilleşdirilmeýär — diýip, bbc.com saýty habar berýär.
Soňky bir hepdäniň dowamynda Fransiýada we Ispaniýada giň gerimli tokaý ýangynlary ýüze çykdy. Bu iki ýurtda jemi 330 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere göçürildi. Fransiýanyň Içeri işler ministri Loran Nunýes ýagdaýyň örän çylşyrymly bolmagynda galýandygyny, ýangynyň bolsa garaşylmadyk ugurda Bordo tarap süýşýändigini aýtdy. Howa çaklamalaryna görä, sişenbe gününden başlap ýurduň käbir sebitlerinde howanyň derejesi 40 gradusa çenli ýokarlanyp biler.
Fransiýanyň Milli ýangyn söndürijiler federasiýasynyň maglumatlaryna görä, Žirond sebitindäki ýangynyň esasy ojagy äpet ot tupanyny emele getirdi. Bu hadysa özbaşdak güýçli ýel we hatda ýyldyrym hem döredýär. Ýurduň günorta-günbatarynda takmynan 42 müň gektar tokaý ýanyp kül boldy. Bu Ikinji jahan urşundan bäri Fransiýadaky iň uly tokaý ýangynlarynyň biri hasaplanýar. Sebitden 220 müňden gowrak adam göçürildi.
Ispaniýada bolsa ýangyn söndürijiler Walensiýanyň golaýynda ýüze çykan täze ýangyn ojagy bilen göreşýärler. Bu ýerden takmynan 15 müň adam göçürildi. Premýer-ministr Pedro Sançes ýurdy öňde örän kyn sagatlaryň garaşýandygyny aýdyp, howa üýtgemesi bilen bagly meselelerde jemgyýetçilik ylalaşygyna çagyrdy. Umuman alanyňda, Ispaniýada ýangynlar 77 müň gektara golaý meýdany gurşap aldy. Madridiň we Awilanyň töweregindäki etraplardan bolsa 90 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere göçürildi.