Turkmenportal logo
Düýn 12:42
75427542
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň goşunyndaky ilkinji boksçy zenan Arkalaşygyň oýunlarynyň altyn medalyna dalaş edýär

57 kilograma çenli agram derejesinde häzirki dünýä çempiony bolan hindi türgeni Jaýsmin Lamboriýa Glazgoda geçiriljek Arkalaşygyň oýunlarynyň boks ýaryşynda altyn medal üçin göreşjek esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýar. 2022-nji ýylda Birmingemde geçirilen ýaryşda 24 ýaşly türgen bürünç medala mynasyp bolupdy, indi bolsa medalyň reňkini üýtgetmegi maksat edinýär — diýip, BBC habar berýär.

Lamboriýa sowukganlylyk meselesinde özüne iň uly görelde hökmünde hindi kriketiniň rowaýaty Mahendra Singh Dhonini görkezýär. Onuň sözlerine görä, ol ringde Dhoniniň «Sowukganly kapitan» diýen lakamyna mynasyp eden şol bir rahatlyk bilen hereket etmek isleýär.

2025-nji ýyl onuň üçin uly üstünlikleriň ýyly boldy: ilki bilen Astanada we Delide geçirilen Dünýä kubogynyň tapgyrlarynda altyn medallary, soňra bolsa Liwerpulda dünýä çempionlygyny gazandy. Emma Pariž Olimpiadasynda türgeni lapykeçlik garşy aldy — ol ilkinji tapgyrda Tokio-2020 Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi, filippinli Nesti Petesio garşy tutluşykda ondan ýeňildi.

Lamboriýa üçin şeýle ýagdaý öň hem gaýtalanypdy. 2022-nji ýylda Birmingemde bürünç medal ugrunda göreşende, onuň boý artykmaçlygyna we aralygy saklamaga esaslanan seresaply, garşydaşa garaşýan söweş usuly ýarym finalda şowsuz boldy. Pes boýly, ýöne örän işjeň hereket eden britaniýaly boksçy Jemma Riçardson hindi türgenini güýçli hüjümleri bilen duýdansyz ýagdaýda goýup, 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Boksçynyň aýtmagyna görä, hut Pariždäki şowsuzlykdan soň ol diňe bir fiziki däl, eýsem psihologik taýdan taýýarlygyny hem täzeden gözden geçirdi.

Bu täzelenişde goşundaky gulluk esasy orun eýeledi. 2022-nji ýyldaky bürünç medaldan soň Lamboriýa Hindistanyň goşunyna kabul edilen ilkinji zenan boksçy boldy. Ol «Olimpiýa missiýasy» maksatnamasynyň çäklerinde Harby polisiýa korpusynda hawildar wezipesine bellendi. Bu maksatnama arkaly bir wagtlar naýza zyňmak boýunça Olimpiýa çempiony Niraž Çopra hem taýýarlyk görüpdi. Häzirki wagtda Lamboriýa Pune şäherindäki Goşunyň sport institutynda türgenleşýär.

Lamboriýa Harýana ştatynyň Bhiwani şäherinden. Bu şäher «hindi boksunyň Kubasy» diýlip atlandyrylýar. Türgeniň garry atasy 1960–1970-nji ýyllarda agyr agram derejesinde Aziýa oýunlarynyň iki gezek çempiony bolupdyr. Lamboriýanyň boks bilen meşgullanmagyna bolsa ýetginjeklik döwründe özi hem boksçy bolan daýylary täsir edipdir. Onuň öz sözlerine görä, boks bilen meşgullanmaklyga Olimpiýa çempionlary Meri Komyň we Wijender Singhiň üstünlikleri ylham beripdir, olar baradaky gürrüňleri ol mekdepde okaýan döwründe köp eşidipdir.

Häzirki wagtda Lamboriýanyň özi hem beýlekiler üçin görelde bolýar. 2024-nji ýylda Hindistanyň goşuny boksy goşmak bilen Olimpiýa görnüşleri boýunça 12–16 ýaş aralygyndaky gyzlar üçin ýörite maksatnamany açdy. «Belki, men goşundaky ilkinji zenan boksçy bolandyryn, ýöne hökman iň soňkusy däldirin» diýip, türgen belleýär.