Turkmenportal logo
Düýn 11:21
57495749
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mançester Siti» kluby Husanow bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy

«Mançester Siti» kluby Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow bilen baglaşan şertnamasynyň möhletiniň uzaldylangygyny yglan etdi. Täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder — diýip, daryo.uz saýty habar berýär.

22 ýaşly futbolçy 2025-nji ýylyň ýanwarynda Fransiýanyň «Lans» klubyndan Angliýanyň «Mançester Siti» toparyna transfer edildi. Ilkinji şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenipdi. Emma oýunçynyň üstünlikli çykyşlaryndan soň klubyň ýolbaşçylygy onuň bilen uzak möhletli täze şertnama baglaşmak kararyna geldi.

Täze şertnama gol çekenden soň, Husanow «Mançester Siti» klubynyň düzüminde çykyş etmegini dowam etdirýändigine örän şatdygyny aýtdy.

«Bu meniň we maşgalam üçin örän buýsançly pursat. Dünýäniň iň uly klublarynyň biri bilen şertnamamy uzaltmak meniň üçin uly hormat. Ilkinji günümden bäri tälimçiler topary, topardaşlarym we janköýerler maňa uly goldaw berdiler. Toparymyzyň üstünlikleri üçin mundan beýläk hem elimden gelen ähli başarnyklarymy ulanyp dowam etdirerin» — diýip, futbolçy belledi.

«Mançester Siti» klubynyň sport direktory Ugu Wiana özbek goragçysynyň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.

«Abdukodir örän zehinli goragçy. Ol gysga wagtyň içinde toparymyza uýgunlaşmagy başardy we ýokary derejeli mümkinçiliginiň bardygyny görkezdi. Ýakyn ýyllarda onuň klubymyzyň üstünliklerine uly goşant goşjakdygyna ynanýarys» — diýip, Wiana nygtady.